TDHÇMB

“Iş nokady” özüniň bäşýyllygyny baýram etdi

“Iş nokady” özüniň bäşýyllygyny baýram etdi
“Iş nokady” koworking merkeziniň 5 ýyllygyna bagyşlanan dabara, 2025-nji ýylyň 11-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanda ilkinji koworking merkezi hökmünde tanalýan “Iş nokady” merkezi sişenbe güni Aşgabatdaky “Arkaç” işewürlik merkezinde özüniň bäşýyllygyny baýram etdi. Dabara daşary döwletleriň ilçihanalarynyň, işewürlik toparlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýubileý sene mynasybetli guralan çärä gatnaşan telekeçiler üçin özleriniň önümlerini görkezmek we mahabat işini ilerletmek üçin ýörite zolaklar bölünip berildi. Onda “Belli Tilsimat”, “Saraýan”, “Ýüpekçi”, “Tomus”, “Tudana”, “Duman” ýaly kompaiýalaryň, hoşboý ysly brend atyrlary, kosmetika we deri önümleri hödürleýän “Alliance & Boutique de Paris” dükanynyň hem-de “Wabrum” we “Mildy Dress” egin-eşik dükanlarynyň wekilleri harytlary hem-de hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar. Bu zolaklar gaýtalanmajak önümleri tanyşdyrmak we işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak hem-de çärä gatnaşan beýleki kompaniýalar bilen tejribe alyşmak üçin amatly meýdançany döretdi.

Döredijilik we täzeçil pikirli işewürlik gurşawyny döredýän “Iş Nokady” merkezinde ýaş telekeçiler, frilanserler, startaplar, IT hünärmener, geňeşçiler hem-de tälimçiler iň döwrebap enjamlar ornaşdyrylan amatly iş ýerlerinden, ses geçirmeýän gepleşik otaglaryndan, dynç alyş ýerlerinden peýdalanyp bilýärler. Bu ýerde işewürlige degişli kitaplary okamak, bilim maksatly çärelere gatnaşmak üçin hem amatly gurşaw döredilendir.

Koworking merkeziniň amatly ýerde ýerleşmegi, döwrebap enjamlar, köpeldilen iş orunlary, netijeli işlemek üçin rahat gurşaw onuň esasy aýratynlyklarynyň hataryna girýär.

Merkez hünär bilimlerini ösdürmäge, telekeçilik işini kämilleşdirmäge gönükdirilen işewürlik çärelerini, okuw maslahatlaryny we ussatlyk sapaklaryny guramak bilen işewürligi ösdürmäge işjeň ýardam edýär.

Geçen ýylyň 1-nji iýunynda “Iş Nokady” Aşgabatdaky “Arkaç” işewürlik merkezinde özüniň üçünji koworking merkezini açdy.

Mart 17, 2025