Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkiýäniň parlament ýolbaşçysy Numan Kurtulmuş bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkiýäniň parlament ýolbaşçysy Numan Kurtulmuş bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 25-nji fewraly, Ankara, Türkiýe (Surat: Numan Kurtulmuşyň sosial ulgamdaky hasaby)

Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ankara şäherine iş saparynyň çäklerinde sişenbe güni Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berýär. 

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynyň möhüm ähmiýetini bellediler. Türkmen tarapy bu başlangyjy goldandygy üçin türk tarapyna hoşallygyny beýan etdi. 

D.Gulmanowa geçirilýän gepleşikleriň parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly goşant boljakdygyny belledi. Şeýle hem bu ugurda Türkiýe bilen hyzmatdaşlyga Türkmenistanyň ýokary baha berýändigi, ony çuňlaşdyrmaga taýýardygy beýan edildi. 

Taraplar parlamentara dostluk toparynyň işini işjeňleşdirmegiň geljegini, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan deputatlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de bilelikdäki çäreleri we geňeşmeleri guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm bölegini emele getirýän parlamentara dialogyň kanunçykaryjylyk işinde tejribeleri alyşmaga şertleri döredýändigi bellenildi. 

D.Gulmanowa bilen N.Kurtulmuş köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen hem duşuşyk geçirdiler. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda gazanylan netijelere ýokary baha berip, parlamentara diplomatiýanyň esasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidiklerini tassykladylar hem-de parlament derejesinde gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Surat: Numan Kurtulmuşyň sosial ulgamdaky hasaby

2022