Türkmenistanyň Prezidenti “Bäherden” keramika önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti “Bäherden” keramika önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
“Bäherden” keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasy, 2025-nji ýylyň 12-nji marty, Ahal welaýatynyň Bäherden etraby, (Surat: turkmenmetbugat.gov.tm)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän “Bäherden” keramiki önümleri öndürýän kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.

Täze önümçilik toplumy ýylmanak plitalary, santehnika we keramika önümleri öndürýän önümhanalary, abatlaýyş ussahanalary, dolandyryş we hojalyk desgalaryny öz içine alýar.

Italiýanyň, Germaniýanyň we Türkiýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň tehnikalary ornaşdyrylan kärhana 450 sany iş ornunyň döredilmegini üpjün etdi.

30 gektar çäkde ýerleşýän kärhana ýylda plitalaryň 3,3 million inedördül metrini we santehniki önümleriň 120 müň birligini öndürer.

Italiýanyň kompaniýalarynyň wekilleri kärhananyň hil, howpsuzlyk we ekologiýa babatda halkara ölçeglere laýyk gelýändigini bellediler. Kärhanada önümçilik üçin çig malyň 93 göterimden gowragy ýerli çeşmeler arkaly üpjün ediler.

Dabaranyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow kärhananyň önümleri bilen tanyşdy we onuň işine ak pata berdi.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany kärhananyň ýolbaşçylaryna täze tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.

Surat: THP

2022