Ýewropa komissary: Türkmenistan – Hazarüsti ulag geçelgesinde ÝB-niň möhüm hyzmatdaşy

Ýewropa komissary: Türkmenistan – Hazarüsti ulag geçelgesinde ÝB-niň möhüm hyzmatdaşy
Mämmethan Çakyýew (çepdäki) we Ýozef Sikela (sagdaky), 2025-nji ýylyň 12-nji marty, Balkan welaýaty, Türkmenistan (Surat: ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy)

Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky arabaglanyşygy berkidýän Hazarüsti ulag geçelgesinde Türkmenistany möhüm hyzmatdaşy hasaplaýar diýip, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikela aýtdy. Onuň bellemegine görä, ÝB bu ugurda Türkmenistana goldawlary bermäge taýýar diýlip ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Türkmenistana saparynyň dowamynda Ý.Sikela çarşenbe güni Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp, bu ýerde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen duşuşdy.

“Biz Türkmenistany Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm hyzmatdaş hökmünde görýäris. “Global Gateway” başlangyjynyň çäklerinde, hususan-da, Hazarüsti ulag geçelgesi boýunça bilelikde işlemek bilen, biz işewürlik üçin täze mümkinçilikleri açjak, maýa goýumlary çekjek we iş orunlaryny döretjek has gysga we howpsuz söwda ýollaryny döredýäris. Biziň bilelikdäki tagallalarymyz Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda söwda ýollaryny geçmek üçin sarp edilýän wagty 15 güne çenli azaltmaga, şol bir wagtda bolsa, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda möhüm täjirçilik merkeze öwrülmäge we bu ugurda Türkmenistana goldaw lary bermäge gönükdirilendir” diýip, ol aýtdy.

ÝB-niň we Türkmenistanyň özara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde eýýäm iki sany möhüm taslama işe girizildi. Olar Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyny goldamak we GIZ başlangyjynyň çäklerinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek başlangyçlarydyr. Komissar Ý.Sikela şeýle hem Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagyny goldap, energetikanyň geljegi üçin ekologiýa taýdan durnukly çözgütleriň kabul edilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi.

Hytaýyň, Gazagystanyň, Hazar deňziniň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üstünden geçýän, Ýewropa we Aziýa yklymlaryny özara baglanyşdyrýan Halkara Hazarüsti ulag geçelgesi (Orta geçelge) demir we deňiz ulaglary arkaly konteýner ýük daşamalaryny amala aşyrmakda peýdalanylýar.

Surat: ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy

2022