Arkadag “akylly” şäherinde penşenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň Üstünlik güwänamasyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Täze şäheriň ekologiýa taýdan arassalygynyň ýokary derejesini tassyklaýan bu resminama şäheriň innowasion binagärlik çözgütleriniň nobatdaky halkara ykrarnamasy boldy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Dabara şäheriň ýolbaşçylary, HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda mazmunlaýyn sergi ýaýbaňlandyrylyp, onda Arkadag şäheriniň mynasyp bolan halkara güwänamalary, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary görkezildi.
Maslahatda çykyş edenler ödebaryjy tehnologiýalara we milli däplere esaslanýan şähergurluşyk taslamasy häzirki zaman durnukly ösüşiniň nusgasyna öwrülendigini bellediler. Şäher gurluşygynda sanly çözgütlerden netijeli peýdalanylyşyna aýratyn üns berildi.
HHR-iň ilçisi Sýan Naýçen “akylly” şäherleri ösdürmekde Türkmenistanyň goşandyny nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowa Üstünlik güwänamasyny gowşurdy.
Surat: TDH