Tbilisi şäherindäki taryhy Abanotubani etraby Halkara Nowruz gününiň dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde Türkmenistanyň ilçihanasy milli nusgada özüniň sergi pawilýonyny ýaýbaňlandyrdy.
Bu ýere gelenler milli lybaslar, bezegler, haly we sowgatlyk önümler, aşhana nusgalary hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan diwarlyk baýramçylyga gatnaşan myhmanlaryň aýratyn ünsüni özüne çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy şenbe güni habar berdi.
Dabaralaryň resmi bölegine Tbilisi şäheriniň häkimi Kaha Kaladze, şäher geňeşiniň başlygy Giorgi Tkemaladze we diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, türkmen halkynyň medeni mirasynda Nowruz baýramynyň eýeleýän ornuny, onuň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri esasynda adamlary jebisleşdiriji ähmiýetini belledi. Diplomat şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmeginiň ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda ýurduň goşýan goşandynyň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasydygyny belledi.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Türkiýäniň diplomatik wekilhanalarynyň, Gruziýada kowçum bolup ýaşaýan musulman halklaryň we medeni merkezleriň işjeň gatnaşmagynda Tbilisi şäheriniň häkimliginiň ýardam bermeginde guralan çäre milli aýdym-sazly kompozisiýalaryň we tansly çykyşlaryň ýerine ýetirilmegindäki konsert maksatnamasy bilen tamamlandy.
Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy