Duşenbede ajaýyp türkmen şaý-sep we lybaslar toplumlary görkezildi

Duşenbede ajaýyp türkmen şaý-sep we lybaslar toplumlary görkezildi
Duşenbede geçen şaý-sep sergisinde Türkmenistanyň diwarlygy, 2025-nji ýylyň 24-nji marty, Täjigistan (Surat: Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy)

Türkmen modasy we milli şaý-sepleri 24-nji martda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçirilen “Oks hazynasynyň gözbaşynda” atly halkara şaý-sep forumynyň we sergisiniň myhmanlarynyň ünsüni özüne çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Dabaranyň çäklerinde gaýtalanmajak moda görkezilişi bolup, onda Türkmenistanyň we Täjigistanyň dizaýnerleri we moda öýleri şaý-sep bezegleri bilen üsti sazlaşykly ýetirilen milli lybas toplumlaryny tanyşdyrdylar.

“Mähirli Zenan” türkmen moda öýüniň ýurduň baý medeni mirasyndan ylhamlanyp döreden lybaslarynyň görkezilişi aýratyn gyzyklanma döretdi. Keşdeler we däp bolan nagyşlar bilen bezelen milli egin-eşikler geýinmegiň özboluşly we ýokary derejesini görkezýär.

Täjigistanyň Hökümeti tarapyndan guralan forum 50-ä golaý ýerli şaý-sep öndürijileri, dizaýnerleri we ussatlary hem-de dürli ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan 200-den gowrak gatnaşyjyny bir ýere jemledi. Düzüminde Söwda-senagat edarasynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti zergärleriň köpasyrlyk däplerini görkezýän gaýtalanmajak şaý-sep bezeg toplumy bilen tanyşdyrdy.

“Mähirli Zenan” bilen belli modelýer Liliýa Rahyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama gol çekilmegi möhüm wakalaryň iri boldy. Ylalaşygyň çäklerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreleri, şol sanda Aşgabatda iri moda görkezilişi guramak meýilleşdirilýär. Liliýa Rah türkmen moda nusgasynyň ajaýyplygyny, onuň ýerli dizaýnerler bilen bilelikdäki toplumlary döretmek üçin ylham beriji çeşmä öwrülendigini belledi.

Halkara forum hyzmatdaşlygy berkitmek we türkmen şaý-sep sungatyny we modasyny dünýä möçberinde ilerletmek üçin ähmiýetli meýdança boldy.

Surat: Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy

2022