Ukrainada bilim alýan türkmen talyplary we kowçum bolup ýaşaýan wekiller Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan şenbe güni Kiýew şäherinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan sport-sagaldyş çäresine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy habar berýär.
Çäräniň maksatnamasy göreş sportunyň dürli görnüşlerini, el göreşi, ştanga we agram daşyny dürli usulda götermek boýunça ýaryşlary öz içine aldy. Gatnaşyjylar şeýle hem gysga we uzak aralyga ylgamak boýunça hem bäsleşdiler. Çäre küşt we şaşka boýunça aň-paýhas bäsleşikleri bilen tamamlandy.
Bu ýaryşlar Türkmenistanda geçirilýän iri bedenterbiýe-sport we medeni-köpçülikleýin çäreler bilen ugurdaşlykda geçirildi. Olara Ukrainadaky türkmen ýaşlary uly höwes bilen gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar beden we aň saglygyny goldamak üçin sporty hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmegiň möhüm ähmiýetini bellediler.
Ýaşlar bilen bir hatarda ýaryşlara gatnaşan Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň wekilleri beden taýdan güýçli, ruhy we aň taýdan ösen ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň ýurduň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler.