Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda Italiýadan dizaýnerler – Gloriýa Trewizianiniň we Klaudiýa Bellininiň hem-de akademiýanyň talyby Jennet Agaýewanyň gatnaşmagynda moda görkezilişi geçirildi. Italiýanyň ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň başlangyjy bilen guralan çäre talyplarda, mugallymlarda, diplomatik wekillerde, suratkeşlerde we moda işgärlerde uly gyzyklanma döretdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Sahnada görkezilen lybaslar toplumlary türkmen halkynyň milli bezeg mirasynyň aňrybaş italýan dizaýny bilen sazlaşygyny görkezdi. Her bir bölegine aýratyn üns siňdirilen özboluşly öwüşginlerdäki lybaslar diňe bir nusgalyk bolman, eýsem, geýinmek üçin ajaýyp sungat eserleri bolup durýar. Üç toplumdan ybarat bolan lybaslarda ulanylan milli bezegler we nagyşlar moda görkezilişe aýratyn öwüşgin çaýdy.
Jennet Agaýewanyň aýtmagyna görä, ol dizaýnerler Trewiziani we Bellini bilen hyzmatdaşlykda bir ýarym aý Italiýada bolupdyr. Iki ýurduň medeni däplerini birleşdiren bilelikdäki taslama döredijilik alyş-çalşyň netijesi boldy. Dizaýnerler şeýle hyzmatdaşlygy geljekde hem dowam etmek barada ylalaşdylar.
Mundan öň, “Vogue Italia” we “Wondernet Magazine” neşirleri “Turkmenistan Fashion Project” moda görkezilişine bagyşlap makalalary çap etdiler.