Tbiliside Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi

Tbiliside Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing, 2025-nji ýylyň 10-njy apreli, Tbilisi (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy penşenbe güni Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berýär.

Çärä öňdebaryjy teleýaýlymlaryň we neşirleriň, şol sanda “1tv”, “Obieqtivi” teleýaýlymlarynyň, “The Georgian Business Week” işewürlik neşiriniň, “Europe 24” media-holdinginiň, “GeorgiaPress” guramasynyň, “News Day Georgia” habarlar agentliginiň, “Geoecohub” internet neşiriniň, «Резонанс», «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Комсомольская правда» gazetleriniň žurnalistleri hem-de “Geocase” seljeriş merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlaryň öňünde çykyş eden Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de açyklyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň halkara giňişlikde giň goldawlara eýe bolýandygyny belledi.

Çäräniň ahyrynda diplomat Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary döwletlerde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine gürrüň berdi.

Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy

2022