Aşgabatda Türkiýäniň Syýahatçylyk hepdeligi mynasybetli kabul edilşik geçirildi

Aşgabatda Türkiýäniň Syýahatçylyk hepdeligi mynasybetli kabul edilşik geçirildi
Türkiýäniň Syýahatçylyk hepdeligi mynasybetli dabaraly kabul edilşik, 2025-nji ýylyň 17-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

17-nji aprelde Türkiýäniň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde ýurduň Syýahatçylyk hepdeligi mynasybetli dabaraly kabul edilşik geçirildi. Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda geçirilen dabara syýahatçylyk ulgamynda ýetilen sepgitleri we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly meýdança boldy. 

Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hormatly myhmanlaryň hatarynda boldy. 

Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok öz çykyşynda birnäçe statistiki maglumatlar barada durup geçdi. 2024-nji ýylda Türkiýä daşary döwletlerden 62,3 million syýahatçy bardy. Bu babatda ýurda gelen girdejileriň möçberi 61,1 milliard dollara barabar boldy. Şunda syýahat maksatlary üçin Türkiýäni saýlan türkmen raýatlarynyň sany 153 müň 688 adama deň boldy. Bu geçen ýyldaky görkeziji bilen deňeşdirilende 27 göterim köpdür. 

Ýurtlaryň arasynda ulag aragatnaşygynyň ýygjamlaşdyrylmagy syýahatçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam edýän möhüm şertdir. 2025-nji ýylyň aprelinden başlap, “Turkish Airlines” awiakompaniýasy Stambul-Aşgabat ugry boýunça hepdelik ýolagçy gatnawlarynyň sanyny 14-e çenli artdyrdy. Iýun aýynda bu sany 17-ä çenli köpeltmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, “Türkmenistan” awiakompaniýasy degişli ugur boýunça hepdede 10 gatnawy amala aşyrýar.

Ilçi A.Demirok iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň berkidilmeginiň çäklerinde syýahatçylyk babatdaky hyzmatdaşlygyň hem ösdürilýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň oktýabrynda Türkiýä amala aşyran saparynyň dowamynda gol çekilen Medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ikitaraplaýyn ylalaşyk 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda güýje girdi. 

Kabul edilşik dabarasy sazandalaryň ýerine ýetiren türk milli sazlary bilen utgaşdy. Myhmanlar türk aşhanasynyň dürlüligine baha berdiler. Şeýle hem dabaranyň geçirilýän ýeriniň belli türk syýahatçylyk merkezleriniň suratlary bilen bezelmegi myhmansöýerlik we tebigy gözellik gurşawyny döretdi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022