Türkmen halkynyň Milli Lideri Samarkant şäherine sapar bilen bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Samarkant şäherine sapar bilen bardy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, 2025-nji ýylyň 23-nji apreli, Samarkant, Özbegistan (Surat: president.uz)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Özbegistan Respublikasyna sapar bilen bardy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Samarkant şäheriniň Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet baýdaklary bilen bezelen halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew garşylady.

Saparyň maksatnamasy ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklary hem-de medeni çärelere gatnaşmaklygy öz içine alýar. Iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary berkitmek meseleleri gepleşikleriň esasy mazmunyny düzer.

21 – 23-nji aprel aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystana we Gyrgyzystana saparlary boldy.

Surat: prezident.uz

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022