Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “Silk Road Samarkand” halkara syýahatçylyk merkeziniň çäginde ýerleşen “Baky şäher” taryhy-etnografiýa seýilgähinde geçirilen medeni çärelere gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň medeni mirasyna bagyşlanan sergi, şol sanda halk senetçiliginiň we amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary bilen tanyşdy. Horeografiýa toparlarynyň çykyşlary çärä baýramçylyk öwüşgünini çaýdy.
Samarkant şäherine saparynyň maksatnamasynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistanyň Prezidenti “Hazrati Hizr” ýadygärlikler toplumyna baryp, ol ýerde ýurduň ilkinji Prezidentini hatyralady.
21 – 23-nji aprel aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystana we Gyrgyzystana saparlary boldy.
Surat: president.uz