27-nji aprelde Antalýa şäherinde möwsümiň iň iri halkara ýaryş möwsümleriniň biri bolan Türkiýäniň 60-njy Prezident welosipedli ýörişi (TUR 2025) başlandy. Türkiýäniň Prezidentiniň, Welosport federasiýasynyň, Ýaşlar we sport ministrliginiň hem-de Syýahatçylyk boýunça agentliginiň ýardamy bilen guralýan ýaryş 4-nji maýa çenli dowam eder diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Ýaryşlara ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Belgiýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Niderlandlaryň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Norwegiýanyň, Polşanyň we Türkiýäniň toparlary gatnaşýarlar.
Ýaryşa gatnaşyjylar 8 günüň dowamynda Türk Riwýerasyndan Egeý deňziniň kenarlaryna çenli, Kemer, Fethiýe, Marmaris we Selçuk sebitleriniň üstünden geçýän ugur boýunça hereket ederler. Ýörişiň başlangyç tapgyry Antalýanyň taryhy ýerleriniň üstünden geçer.
“UCI ProSeries” ýaryş toplumyna girýän Prezident welosipedli ýörişi Türkiýäniň tebigy we medeni baýlygyny köpçülige tanyşdyrmak üçin hem ähmiýetli çäredir. Ýaryşa göni ýaýlymda 190 ýurduň tomaşaçylary tomaşa edip bilýärler.