50-den gowrak türkmen kärhanasynyň gatnaşmagynda Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerine bagyşlanan ilkinji sergi açyldy. Bu barada “Mehr” habarlar agentligi duşenbe güni habar berdi.
Bu çäre Türkmenistanyň söwda mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmaga we Eýranyň sebitleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Sergi Gürgen şäheriniň Halkara sergiler merkezinde geçirilýär.
Dokma, azyk önümleriň, gurluşyk we nebithimiýa serişdeleriň önümçiligi ýaly dürli ugurlarda iş alyp barýan türkmen kärhanalary bu çärede özleriniň harytlary we hyzmatlary bilen tanyşdyrýarlar. Söwda amallary bilen bir hatarda, serginiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi we iki goňşy ýurduň arasynda söwda gatnaşyklaryny giňletmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmak göz öňünde tutulýar.
Birnäçe günläp geçiriljek çäre eýranly işewürlere we sarp edijilere Türkmenistanyň senagat hem-de söwda mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga şertleri döredýär.