Ýanwar-mart: Türkiýäniň syýahatçylykdan alan girdejileri $9,5 milliarda ýetdi

Ýanwar-mart: Türkiýäniň syýahatçylykdan alan girdejileri $9,5 milliarda ýetdi
Antalýa, Türkiýe (Surat: Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Türkiýäniň syýahatçylyk ulgamy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde iň ýokary görkezijilere ýetdi – bu döwürde ýurda 8,844 million daşary ýurtly myhman gelip, syýahatçylykdan gelen girdejiler $9,5 milliarda barabar boldy. Bu barada Stambul şäherinde geçirilen metbugat maslahatynda medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehbet Nuri Ersoý mälim etdi diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Onuň bellemegine görä, bu görkeziji ýurduň syýahatçylyk ulgamynyň taryhynda degişli döwürde ýetilen iň aňrybaş sepgitdir. Ministr 2024-nji ýylda Türkiýäniň BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň görkezijilerine laýyklykda, dünýäniň syýahatçylyk ulgamynda dördünji orny eýeländigini ýatlatdy. Geçen ýyl ýurda göz öňünde tutulan 60 milliondan hem artyk, ýagny 62,2 million adam syýahata geldi.

2025-nji ýylyň ahyryna çenli Türkiýe 65 million syýahatçyny kabul edip, syýahatçylykdan geljek girdejisini $64 milliarda ýetirmegi maksat edinýär.

Şu ýylyň ilkinji üç aýynyň jemleri boýunça bu ulgamyň girdejileri 5,6 göterim artdy. Syýahatçylaryň gelýän esasy ýurtlarynyň hatarynda Eýran (733 müň adam), Russiýa (601 müň), Germaniýa (572 müň), Bolgariýa (560 müň) we Beýik Britaniýa (304 müň) ýurtlary bar. Syýahatçylaryň ýurtda geçirýän ortaça wagty 11 gije-gündize barabar boldy. Şunda jahankeşdeler her gün ortaça $98,90 dollar sarp etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022