Zilkale we Çamlyhemşin – Türkiýäniň Rize sebitiniň ajaýyp ýerleri

Zilkale we Çamlyhemşin – Türkiýäniň Rize sebitiniň ajaýyp ýerleri
Zilkale galasy, Rize, Türkiýe

Türkmen žurnalistleri Türkiýäniň Rize sebitiniň esasy ajaýyp ýerleri bolan orta asyr Zilkale galasyna we Çamlyhemşin çaglawugyna baryp gördüler. Özüniň ajaýyp tebigy gözelligi we taryhy ähmiýeti bilen tanalýan bu ajaýyp ýerler Fyrtyn-depe jülgesinde ýerleşýär.

Wekiliýetiň düzüminde “Biznes Türkmenistan”, “Türkmenportal”, “Orient”, “News Central Asia”, “Atawatan Türkmenistan” habarlar agentlikleriniň, “Medeniýet we Syýahat” žurnalynyň hem-de “Türkmenistan TV4” teleýaýlymynyň wekilleri bar.

Zilkale galasy Çamlyhemşin sebitinde 1200 metr belentlikde, kert gaýada ýerleşýär. XIII–XV asyrlarda gurlan gala bu sebitiň dag geçitlerini we söwda ýollaryny dolandyran Trapezund imperiýasynyň möhüm goranyş nokady bolupdyr. Atyşhanalary, synlaýyş diňleri we harby goşun üçin içki howlusy bolan, daşdan salnan kuwwatly diwarlar galanyň binagärlik gurluşyna girýär. Onuň diwarlarynyň ýokarsynda Fyrtyn derýasynyň jülgesiniň we gür tokaýlyklaryň ajaýyp görnüşi açylýar. Häzirki wagtda Zilkale meşhur syýahatçylyk merkezi we Gara deňiz sebitiniň taryhy mirasynyň ajaýyp nyşanydyr.

Galanyň golaýynda ýerleşýän Çamlyhemşin şaglawugy Rize sebitiniň tebigy gözelliginiň ajaýyp nyşanlarynyň biridir. Çaglawuk belentligi we ýaşyl dag gerişleriniň arasynda ýerleşýän tebigy ýagdaýy bilen özüne çekýär. Onuň daş-töweregindäki tokaýlaryň ösümlik we haýwanat dünýäsine baý bolmagy ekosyýahatçylyk hem-de fotosurata düşürmek üçin aňrybaş şertleri döredýär. Däp bolan dag binagärligi we çaý plantasiýalary bilen utgaşýan Çamlyhemşin sebiti gaýtalanmajak tebigy gözellikleriň hem-de medeni mirasyň sazlaşygyny özünde jemleýär.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Rize şäheriniň golaýynda ýerleşýän çaý plantasiýalaryna we Çeçewa obasyna gezelenç edip, çaýy ösdürip ýetişdirmegiň ýerli usullary hem-de oba hojalyk pudagynyň ösdürilişi bilen hem tanyşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022