Ankaranyň döwrebap binagärligi ÝUNESKO-nyň Deslapky sanawyna girizildi

Ankaranyň döwrebap binagärligi ÝUNESKO-nyň Deslapky sanawyna girizildi
Ankara, Türkiýe (Surat: Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Respublikan modernizm usulynda bina edilen Ankaranyň döwrebap binagärligi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Deslapky sanawyna girizildi. Şunlukda, bu sanawa girizilen Türkiýäniň desgalarynyň sany 80-e ýetdi diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň habar bermegine görä, ýurduň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli topary bilen bilelikde “Ankara: Respublikanyň paýtagtynyň döwrebap taslamalaşdyrylyşy we gurluşygy” ady bilen ýüztutma berildi. Bu resminama 1920 – 1970-nji ýyllarda täze dörän Türkiýe Respublikasynyň syýasy we medeni merkezi hökmünde şäheriň kemala gelşini beýan edýär. Onda Atatürküň bulwar merkezi, Ulus we Kyzylaý etraplary, parlamentiň, ministrlikleriň we medeniýet edaralarynyň binalary ýaly şähergurluşyk çözgütlerine aýratyn üns çekilýär.

Beýik Millet Mejlisiniň birinji, ikinji we üçünji binalary, Prezident köşgüniň toplumy, Güwen seýilgähi, Ulus meýdançasy, wokzalyň, Iş bankynyň, Diller, taryh we geografiýa fakultetiniň, Döwlet opera we balet teatrynyň, Ankara Radiosynyň desgalary ýüztutma goşulan binalaryň hataryndadyr. Bellenilişi ýaly, bu binalar dünýewi, demokratik we döwlet ösüşine gönükdirilen ýörelgeleri şöhlelendirýär.

ÝUNESKO-nyň Deslapky sanawyna girizmek işi guramanyň möhüm medeni ähmiýete eýe bolan desgalaryna bildirilýän ii, iv we vi şertleri boýunça amala aşyryldy. Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi halkara giňişlikde milli mirasy aýawly saklamak we ilerletmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini mälim edýär.

Ankara 1923-nji ýylyň oktýabr aýynda, ýagny Türkiýe Respublikasynyň resmi taýdan jar edilmeginden birnäçe gün öň ýurduň paýtagty diýlip yglan edildi. Osmanly döwründen galan Stambul şäherini ýurduň merkezi diýip yglan etmekden boýun gaçyrmak bilen, täze ýurduň Hökümeti Ankarany modernizimiň we milli özbaşdaklygyň nyşany hökmünde ösdürmäge üns berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022