Belgiýanyň “Vandewiele” kompaniýasy “Abadan haly” bilen üstünlikli hyzmatdaşlygy belledi

Belgiýanyň “Vandewiele” kompaniýasy “Abadan haly” bilen üstünlikli hyzmatdaşlygy belledi
Türkmenistanyň ilçisi Sapar Palwanowyň “Vandewiele” önümçilik desgalaryna sapary, 2025-nji ýylyň 30-njy maýy, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Haly dokamaga degişli enjamlary öndürmekde dünýäde öňdebaryjylardan biri bolan Belgiýanyň “Vandewiele” kompaniýasy “Abadan haly” kärhanasy bilen durnukly önümçilik görkezijilerini gazanmak bilen, üstünlikli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belläp geçdi. Bu barada toparyň wise-prezidenti Tomas Boduen we satuw menejeri Timur Tefikow Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanowyň kompaniýanyň önümçilik desgalaryna eden sapary wagtynda aýtdy.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň anna güni habar bermegine görä, Tomas Boduen we Timur Tefikow kompaniýanyň Türkmenistanyň dokma we haly dokamak kärhanalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler.

Saparyň maksatnamasy kompaniýanyň işi we önümçilik prosesleri bilen tanyşlygy öz içine aldy. Belgiýa tarapy “Vandewiele-iň” ösüşiniň taryhy, ýöriteleşme ýoly we dokma işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen innowasiýa çözgütleri barada gürrüň berdi.

Ilçä ýokary takyk enjamlary öndürmek, synag we hil gözegçilik tapgyrlary üçin döwrebap önümçilik düzümleri görkezildi. Haly pudagy üçin enjam öndürmekde iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagyna aýratyn üns berildi.

140 ýyldan gowrak taryhy bolan Belgiýanyň “Vandewiele” mehaniki inženerçilik kompaniýasy dokma pudagy üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürmäge ýöriteleşendir. Kompaniýanyň ştab-kwartirasy Kortreýkde ýerleşýär. “Vandewiele” dokma maşynlaryny, žakkard düzümlerini, egriji we ýylylyk saklaýjy matalary öndürýän enjamlary taýýarlar. Şeýle hem önümçilik proseslerini awtomatlaşdyrmak üçin sanly çözgütleri hödürleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022