Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy ýekşenbe güni her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ekologiki welosipedli ýörişi gurnady.
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, welosipedli ýöriş Ukraianyň “Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat etmek boýunça Baş döwlet kärhanasy” bilen bilelikde Kiýew şäherindäki Dnepr derýasynyň üstünde ýerleşýän Truhanow adasynyň çäginde geçirildi.
Şeyle hem welosipedli ýörişe gatnaşyjylar türkmen milli baýdagy bilen adanyň içi boýunça hereket edip, kölleriň, dub we sosna agaçlarynyň, çägeli kenarlaryň üstünden umumy uzynlygy 17 km töweregi ýol geçdiler.
Pellehanada welosipedli ýörişe gatnaşan Türkmenistanyň Ilçihanasynyň diplomatik işgärleri bu çärä gatnaşan talyp ýaşlar bilen söhbetdeş boldylar.
2018-nji ýylyň 12-nji aprelynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda dünýäniň 56 döwletiniň goldamagynda Bütindünýä welosiped güni hakyndaky kararnama laýyklykda her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi.