Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leri bilelikdäki ykdysady we ynsanperwer taslamalary maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leri bilelikdäki ykdysady we ynsanperwer taslamalary maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 25-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Russiýanyň DIM-i).

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 25-nji iýunda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, şeýle hem bilelikdäki ykdysady we ynsanperwer başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Russiýanyň DIM-i habar berýär.

Taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygyny tassykladylar. Söwda-ykdysady ugurda özara gatnaşyklar bilen bir hatarda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Şeýle hem sebitleýin we halkara gün tertibiniň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Türkmenistanyň we Russiýanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA), Hazar bäşligi, “Merkezi Aziýa + Russiýa” formaty we BMG-niň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygyny bellediler.

Gepleşikleriň netijesi boýunça Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrow 2025–2026-njy ýyllar üçin iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Bu maksatnama daşary syýasat dialogynyň güýçlendirilmegini we bilelikdäki başlangyçlaryň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.

Suratlar: Russiýanyň DIM-i

 

2022