Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň merkezindäki beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňünde Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyryýet mirasyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy habar berýär.
Bu çärä medeniýet, bilim, ýerli häkimiýet wekilleri, diplomatlar, telekeçiler, türkmen talyplary we diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar Magtymguly Pyraga hormat goýup, onuň şygyryýetini türkmen halkynyň taryhynyň, däpleriniň we jemgyýetçilik durmuşynyň ensiklopediýa görnüşindäki beýany hökmünde bellediler.
Türkmenistanyň ilçisi Toýly Ataýew Magtymguly Pyragynyň pikirleriniň Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan özgertmeler bilen sazlaşýandygyny nygtady. Ol ýurduň parahatçylykly daşary syýasatyny we Bitaraplygyň 30 ýyllygyny aýratyn belläp geçdi.
Ilçi Türkmenistanyň Ukraina bilen medeni hyzmatdaşlygynyň ösýändigini aýtdy. Hususan-da, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler we ÝUNESKO bilen bilelikde geçirilýän çäreler hakynda gürrüň berdi. Şeýle hem ol “Görogly” türkmen eposynyň ukrain diline terjime işleriniň dowam edýändigini belledi.
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylan medallar bilen sylaglananlar şahyryň parahatçylyk, agzybirlik we adalat baradaky çuňňur pikirleriniň häzirki döwrüň hem möhüm ýörelgeleri bolup durýandygyny aýtdylar. Türkmen talyplary we diasporasynyň wekilleri onuň goşgularyny türkmen we ukrain dillerinde okadylar.
Çäräniň çäklerinde şygyryýet ýygyndylaryň, türkmen Liderleriniň ukrain dilindäki kitaplarynyň sergisi, surat sergisi hem-de türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi geçirildi. Türkmen milli saz guraly bolan dutarda türkmen sazynyň ýerine ýetirilmegi we milli tagamlaryň hödürlenmegi baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy.