Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesine wekilçilik edýän “Mähirli Zenan” türkmen modalar öýi şu ýylyň 28–29-njy iýunda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen “Türki dünýäde zenan we moda: bezeg-amaly sungat” atly 8-nji Halkara festiwalyna gatnaşyp, özüniň lybaslar ýygyndysyny görkezdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan gurnalan bu festiwal 13-den gowrak türki döwletiň we sebitleriň dizaýnerlerini, sungatçylaryny hem-de zergärlerini bir ýere jemledi. Türkmenistanyň bu çärä gatnaşmagy ýurduň milli medeniýetiniň baýlygyny halkara derejesinde görkezmäge mümkinçilik boldy.
Moda öýi tarapyndan görkezilen lybaslar ýygyndysy türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan medeni mirasyny şekillendirýän milli nagyşly egin-eşikleri, türkmen keşdesi bilen bezelen köýnekleri we keteni hem-de tara ýaly asyl nusgaly matalardan taýýarlanylan lybasary öz içine aldy. Guramaçylar, etniki stiliň türkmen jemgyýetiniň gündelik durmuşynda - moda, içerki dizaýn, aýdym-saz we kinoda barha artýandygyny bellediler.
Festiwalyň maksatnamasy sergileri, ussatlyk sapaklaryny, el işleriniň ýarmarkalaryny we moda görkezilişini öz içine aldy we bu ýerde milli nagyşlary döwrebap stil bilen sazlaşdyran özboluşly dizaýner kolleksiýalarynyň görkezilişi geçirildi. “Zenanlar türki dünýäniň medeniýetiniň daşaýjylarydyr, her bir nagyş bolsa şahsyýetiň we taryhyň bir hekaýasydyr” diýip, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew çykyşynda belläp geçdi.
Türkmenistanyň şeýle halkara medeni çärelere gatnaşmagy, türki halklaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga hem-de türkmen sungatyny we halk senetçiligini dünýä derejesinde tanatmaga hyzmat edýär.