Türkmen telekeçileri 2–5-nji iýul aralygynda Stambulda geçirilýän “F-Istanbul” halkara sergisine gatnaşýarlar. Sergide “Ak Gar”, “Aý Aýdyn”, “Balam”, “Bars”, “Hasar”, “Altyn Tug”, “Bold”, “Dayhan Sarpasy”, “Düýeguş”, “Dowamly Bina”, “Elle” we “Geljege Miras” ýaly kompaniýalar öz önümlerini hödürleýärler. Bu barada serginiň web sahypasynda habar berilýär.
Çäre azyk senagatynyň esasy ugurlaryny ýagny azyk önümleri we içgileri, azyk goşundylaryny we gaplama üçin niýetlenilen harytlary, söwda üçin enjamlary hem-de dizaýny öz içine alýar. Şeýle hem sergide süýji-köke önümleri, şokolad, guradylan miweler we ýeňil naharlar üçin aýratyn bölümler göz öňünde tutulypdyr.
“F-Istanbul” sergisi öndürijileriň, eksportçylaryň, importçylaryň, distribýutorlaryň, lomaý satyjylaryň we söwda ulgamlarynyň wekilleriniň arasynda täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin mümkinçilik döredýär. Serginiň esasy maksady oba hojalyk hem-de azyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.
Geçen ýyl bu sergä takmynan 15 sany türkmen kompaniýasy gatnaşypdy.
Suratlar: "Ak Bulut"/"Aýdyň gijeler"