“SOKOLOV” zergärçilik holdingi Russiýanyň çäginden daşary ilkinji “premium” görnüşli dükanyny Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde açdy. Franşiza modeli esasynda işleýän bu flagman butigi paýtagtyň esasy söwda merkezi bolan “Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezinde işe başlady. Bu täze “SOKOLOV PREMIUM” konsepsiýasy boýunça ilkinji halkara dükan bolup, ol kompaniýanyň Merkezi Aziýa bazaryna strategiki ähmiýet berýändigini görkezýär.
Aşgabat şäheriniň daşary ýurtlardaky ilkinji “premium” görnüşli dükanyň ýerleşýän ýeri hökmünde saýlanylmagy tötänlik däldir. Bu sebit “SOKOLOV” üçin markanyň halkara bazarynda giňelmegi nukdaýnazaryndan strategiki ähmiýete eýedir we ol zergärçilik bazarynyň “premium” segmentini ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri görkezýär.
Täze açylan “SOKOLOV PREMIUM” butigi 78,5 inedördül metr meýdany eýeleýär we onuň içi nepis bezegde, ýumşak reňkler, özboluşly nagyşlar we altyn öwüşginler bilen premium görnüşli dükanlara mahsus äheňde bezelendir. Dükan türkmen müşderileriniň isleglerine görä taýýarlanan altyn şaý-sepleriň giň toplumyny hödürleýär.
Butikde ýokary hilli altyn şaý-sepler hödürlenilip, olaryň arasynda brilliantly we beýleki gymmat baha daşly bezegler hem bar. Bu ýerde türkmen müşderileriniň islegine laýyk gelýän kolleksiýalara aýratyn üns berilýär we şol bir wagtyň özünde “SOKOLOV” ýuwelir önümleriniň tanalýan aýratynlyklary hem saklanylýar.
“Halkara derejesindäki ilkinji “SOKOLOV PREMIUM” butiginiň Aşgabatda açylmagy kompaniýamyz üçin örän möhüm ädimdir. Biz Türkmenistanyň bazarynda uly mümkinçilikleri görýäris we alyjylara brendiň ýokary derejä laýyk gelýän şaý-seplerini hem-de hyzmatlaryny hödürlemäge taýýardyrys. Bu ädim “SOKOLOV” kompaniýasynyň halkara bazarlardaky ornuny giňeltmek we zergärçilik pudagynyň ýokary hilli segmentinde öz ornuny berkitmek baradaky strategiýamyzyň bir bölegidir” diýip, “SOKOLOV” zergärçilik holdinginiň franşiza dolandyryş müdiri Antonina Žukowa belledi.
“SOKOLOV” şaý-sepleri öz kärhanalarynda öndürýän göwrümli marka hökmünde, täze bazarlarda-da ýokary hilli şaý-sepleriniň giň görnüşlerini hödürlemäge mümkinçilik berýän özboluşly artykmaçlyklara eýedir. Holdingiň wertikal bitewüligi kompaniýa ýokary hilli gymmat bahaly daşlaryň durnukly üpjün edilmegine hem-de gymmatbaha şaý-sepleriň uly ätiýaçlygyny saklamaga şert döredýär.
“SOKOLOV PREMIUM” butiginiň Aşgabatda açylmagy kompaniýanyň ýokary hilli zergärçilik önümleri boýunça halkara derejesindäki ösüş meýilnamasynyň ilkinji ädimi bolup, bu ädim rus ýuwelir brendiniň dünýä bazaryndaky mümkinçiliklerini görkezýär.
“SOKOLOV PREMIUM” formaty kompaniýa tarapyndan ilkinji gezek 2024-nji ýylyň awgust aýynda işe girizildi. Häzirki wagtda bu täze görnüşdäki 14 sany butik Moskwa, Sankt-Peterburg, Ýekaterinburg, Krasnodar, Stawropol we Woronež şäherlerinde açyldy.
“SOKOLOV” zergärçilik holdingi 2018-nji ýyldan bäri franşiza ulgamy boýunça işini ösdürýär we hyzmatdaşlary bilen üç görnüşde ýagny, köpçülige niýetlenen SOKOLOV, ýokary hilli “SOKOLOV PREMIUM” we elýeterli bahaly “Diamant” konseptleri boýunça işleşýär. Bu brendiň franşizasy 2024-nji ýylyň iýun aýynda “Forbes” žurnaly tarapyndan iň girdejili 30 sany franşiza sanawyna girizildi.
“SOKOLOV” häzirki wagtda Russiýanyň zergärçilik bazarynda öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir. Ol wertikal gurnalan holding bolup, ýurduň iň uly zergärçilik kärhanalarynyň birini we dürli ýollar arkaly, ýagny harytlary onlaýn hem-de offlaýn paýlaýan giň göwrümli satyş ulgamyny özünde jemleýär.
“SOKOLOV” brendi bilen her ýyl 30 milliondan gowrak altyn we kümüş şaý-sepleri öndürilýär. Bu önümleriň umumy agramy 45 tonna bolup, olar Russiýanyň Kostroma, Iwanowo we Ýaroslawl oblastlarynda ýerleşýän dört sany zawodda öndürilýär. Kompaniýa Russiýadaky iň iri lomaý üpjün edijileriň biridir we 4,5 müň sany kiçi we orta telekeçilik bilen, şeýle hem ýerli zergärçilik dükanlary we öňdebaryjy internet bazarlary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki wagtda “SOKOLOV” kompaniýasynyň haryt nyşanly bölek satuw ulgamy 260 şäherde ýerleşýän 1000-den gowrak dükany öz içine alýar we olaryň 258-si franşiza statusynda işleýär.





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


