Türkiýede sişenbe güni Demokratiýa we milli jebislik güni bellendi. Ýatlama çäreleri ýurduň ähli şäherlerinde, şeýle hem Türkiýäniň paýtagty Ankarada geçirildi.
14-18-nji iýul aralygynda Ankara we Stambul şäherlerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Aragatnaşyk müdirligi tarapyndan halkara media-maksatnamasy taýýarlandy. Bu maksatnamanyň çäklerinde guralýan çärelere ýurduň 81 welaýatyndan 200-e golaý türk habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen birlikde, 41 döwletden gelen 120-den gowrak daşary ýurtly žurnalistler gatnaşýar.
Türkmenistandan bu çärä “Biznes Türkmenistan”, “Orient”, “Turkmenportal”, “Beýan” we “Atavatan Türkmenistan” neşirleriniň habarçylary gatnaşýarlar.
Maksatnamanyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri 15-nji iýulda Demoktariýa muzeýine hem-de Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň binasyna bardylar. Habarçylar ilki Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisininde geçirilen mejlise gatnaşdylar, soňra bolup geçen pajygaly hadysalara bagyşlanan surat sergisine aýlanyp gördüler. Dabaranyň başynda baş müfti şehit bolanlaryň hatyrasyna “Al-Fatiha” süresini okady. Mejlisde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we Türkiýäniň parlament ýolbaşçysy Numan Kurtulmuş çykyş etdiler.
Demokratiýa we milli jebislik güni 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky wakalaryň ýatlamasy hökmünde döredildi. Türkiýe bu güni demokratiýa institutlarynyň berkemeginiň hem-de milli agzybirligiň nyşany hökmünde belleýär.
Şol gün Aşgabat şäherinde hem “Ýeňşiň ady - Türkiýe” atly ýatlama çäresi geçirildi.





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


