Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Bakuda resmi saparynyň çäklerinde Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada “Azertac”çarşenbe güni habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ikitaraplaýyn gepleşikleriň möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar. Sahiba Gafarowa türkmen wekiliýetiniň saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi. Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy taryhy, medeni we dil birlikleriň meňzeşligi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk binýadydyr diýip belledi.
Sahiba Gafarowa Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlyk edýändigini, bu ulgamda Bakunyň öňe sürýän başlangyçlarynyň Aşgabat tarapyndan hemişe goldaw tapýandygyny nygtap geçdi. Energetika, ulag we ynsanperwerlik ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bolsa muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemeginde parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma döredýän möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şol günüň dowamynda Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy şeýh-ul-islam Allahşükür Paşazade bilen hem duşuşdy.





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


