Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow duşenbe güni Brussel şäherinde ýurduň ýokary wezipeli resmi wekilleri bilen duşuşyk geçirip, onuň dowamynda iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy duşenbe güni habar berýär.
Duşuşyklar Belgiýanyň Milli baýramyna bagyşlanan resmi çäreleriniň dowamynda geçirildi. Şol çärelere patyşa maşgalasynyň agzalary, ýurduň parlamentiniň we hökümetiniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.
Hususan-da, Sapar Pälwanow Belgiýanyň wise-premýeri we daşary işler ministri Maksim Prewo, Wekiller palatasynyň spikeri Piter De Rower, Patyşanyň diwanynyň ýolbaşçysy Wensan Uso hem-de Premýeriň diplomatik geňeşçisi, ilçi Tomas Lambert bilen gepleşikleri geçirdi.
Duşuşyklaryň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge mümkinçilik döretjek ýokary derejedäki gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylda ýola goýuldy.








30635-90x604.jpg)





