“Bereketli türkmen saçagy”: “EKSPO-2025” sergisinde türkmen milli tagamlary

“Bereketli türkmen saçagy”: “EKSPO-2025” sergisinde türkmen milli tagamlary
“Bereketli türkmen saçagy” dabaraly kabul edişlik, 2025-nji ýylyň 26-njy iýuly, Osaka, Ýaponiýa (Surat: Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy)

2025-nji ýylyň 26-njy iýulynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisiniň çäginde Türkmenistanyň pawilýonynda türkmen halkynyň milli tagamlaryna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu çäre “Bereketli türkmen saçagy” diýen şygar astynda geçirildi.

Çäräniň myhmanlaryna türkmen milli tagamlaryndan çörek önümleri, palaw hem-de dograma ýaly tagamlar hödürlenildi.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde milli tagamlaryň biri bolan dogramanyň taýýarlanylyşy görkezildi, oňa gatnaşyjylar däp bolan türkmen tagamlarynyň aýratynlyklary bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda, Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisiniň çäginde Türkmenistanyň milli pawilýonynda türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi.

2022