Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynda Hytaýly talyplar bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynda Hytaýly talyplar bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanowyň Hytaýly mekdep okuwçylary we talyplary bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 11-nji awgusty, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasynda NMSG BV kompaniýasynyň guramagynda geçirilýän tomusky bilim maksatnamasynyň çäginde Brýussel şäherine gelen Hytaýly mekdep okuwçylary we talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.

Wekilýetiň düzüminde Hytaýyň dokuz welaýatyndan — Ýunnan, Jiangsu we Çunszin hem-de beýleki sebitlerden — jemlenen 27 adamdan ybarat. Olaryň arasynda “New Oriental School”, Syçuan dünýä dilleri uniwersiteti hem-de Pekiniň Ulag uniwersiteti ýaly abraýly okuw jaýlarynyň okuwçylary we talyplary bar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Belgiýadaky we Ýewropa Bileleşigindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow myhmanlary Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Diplomat hemişelik bitaraplygyň möhüm ornuna, halkara hyzmatdaşlyk boýunça öňe sürülýän başlangyçlaryna we Türkmenistanyň Gündogar bilen Günbataryň arasynda möhüm köprüdigine aýratyn üns çekdi.

Şeýle hem, duşuşykda Awazada geçirilen BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyň we 2025-nji ýylyň Bütindünýä parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Myhmanlar Türkmenistanyň medeni mirasy bilen tanyşdylar, şol sanda türkmen milli şaý-sepleri, nagyşlary, el işleri we egin-eşikleri hem üns bilen synladylar.

2022