Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Garaşsyzlygyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli “Hünärim bar – hormatym bar” atly maslahat geçirildi. Maslahatda ýurduň hususy pudagynyň dürli ugurlarynda zenanlaryň gazanýan üstünlikleriniň ähmiýeti bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Maslahat Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Zenanlar birleşiginiň ýanyndaky Işewür zenanlar merkezi bilen bilelikde guraldy. Çäräniň dowamynda el halylary, arassa ýüpekden we ýüňden taýýarlanan häzirki zaman haly önümleri, palaslar, kilimler, dürli görnüşli sowgatlyklar hem-de amaly-haşam sungatynyň nusgalary görkezildi.
Şeýle hem maslahatyň çäginde guralan sergide zergärçilik bilen meşgullanýan zenanlaryň şaý-sepleri hem aýratyn üns çekdi. Olar “Bilezik”, “Gülýaka”, “Şelpe”, “Gupba”, “Hünji” ýaly milli şaý-sepleriň aýratynlyklaryny nesilden-nesle dowam etdirýändiklerini nygtadylar.
Maslahatyň ahyrynda aýdym-saz çykyşlary hem ýaňlanyp, Garaşsyzlygyň şanly baýramy mynasybetli ýurduň hususy pudagynda gazanylýan üstünlikler şöhlelendirildi.
2008-nji ýylyň mart aýynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi hususy pudagyň wekillerini birleşdirýän jemgyýetçilik guramasydyr. Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili – Adalatçy tarapyndan taýýarlanan, 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan hasabata görä, Birleşmäniň agzalarynyň sany 29 müň 824-e ýetdi. Şolaryň 5 müň 726-syny zenan telekeçiler düzýär.








30635-90x604.jpg)





