Türkmenistanyň öňdebaryjy syýahatçylyk kompaniýalary — “Eşretli syýahat”, “Hazar Travel”, “Jahana syýahat”, “Gadymy Miras”, “Halkara syýahat” we “Aşgabat syýahat” 18–20-nji sentýabr aralygynda Duşenbede geçirilýän “DITE-2025” halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy habar berýär.
Serginiň ekspozisiýasy myhmanlary Türkmenistanyň baý medeni mirasy, täsin taryhy ýadygärlikleri we tebigy gözellikleri bilen tanyşdyrýar we Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden görkezýär.
Serginiň çäklerinde geçirilen maslahatda türkmen wekilleri daşary ýurtlardan gelen kärdeşleri bilen duşuşyp, tejribe alyşmak, işewür gatnaşyklary berkitmek we täze bilelikdäki taslamalaryň mümkinçilikleri boýunça pikir alşdylar.
Täjigistanyň paýtagty Duşenbede penşenbe güni açylan DITE-2025 sergisine 200-den gowrak syýahatçylyk kompaniýa gatnaşýar. Olaryň 65-si daşary ýurt kompaniýalarydyr diýip, Täjigistanyň döwlet habarlar gullugy “Hovar” habar berýär.





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


