Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy BMG-niň Gününe bagyşlanan çärä gatnaşdy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy BMG-niň Gününe bagyşlanan çärä gatnaşdy
BMG-niň Halkara gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy, 2025-nji ýylyň 23-nji oktýabry, Tbilisi, Gruziýa (Surat: Gruziýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy)

2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Tbiliside BMG-niň Halkara gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy geçirildi, oňa Türkmenistanyň, Gruziýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Belarusyň, Eýranyň, Pakistanyň, Müsüriň we ABŞ-nyň wekilleri gatnaşdy.

Gatnaşyjylar milli medeniýetiň baýlygyny görkezip, öz ýurtlaryny tanyşdyrdylar. Olar däp-dessur aýdymlaryny we tanslaryny ýerine ýetirdiler, teatrlaşdyrylan sahnalary görkezdiler, myhmanlary milli aşhanalar we dürli senetler bilen tanyşdyrdylar. Her çykyş gatnaşyjylara we tomaşaçylara dürli halklaryň medeniýetine has içgin aralaşmaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlap, milli äheňde bezelen sergini gurady. Sergide Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem milli lybaslar, şaý-sepler, reňkli el işleri, suratlar, sowgatlyklar, milli tagamlar we süýjülikler görkezildi.

Sergi türkmen medeniýetiniň ruhuny beýan etmegi we onuň däp-dessurlaryna hakyky gyzyklanma döretmegi başardy.

Şeýle çäreleri geçirmek halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we dürli ýurtlaryň medeniýetine hormat goýmak we gyzyklanma döretmäge ýardam edýär.

Çeşme: THP

2022