Rim şäherinde "Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary" atly arheologik sergi geçirilýär

Rim şäherinde "Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary" atly arheologik sergi geçirilýär
"Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary" sergisi, 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabry, Rim, Italiýa (Surat: Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa bolan resmi saparynyň çäklerinde "Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary" atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Rim şäheriniň häkimi Roberto Gualtýeri dabarada çykyş edip, 2025-nji ýylyň oktýabryndan 2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli dowam etjek bu giň möçberli serginiň Merkezi Aziýanyň medeni mirasyny Ýewropa siwilizasiýasynyň gözbaşlary bilen baglanyşdyrýan özboluşly "medeniýet köprüsi" bolup çykyş edýändigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow serginiň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyna bagyşlanmagynyň çuňňur nyşany hökmünde many berýär diýip nygtady. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Bitaraplyk syýasatynyň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmeginde hem-de medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde uly hyzmat edýändigini belläp geçdi.

Sergä gelen myhmanlar türkmen topragynyň baý taryhyndan habar berýän gadymy gymmatlyklary bilen tanyşyp bilerler. Serginiň gymmatly eksponatlarynyň hatarynda bürünç eýýamynyň siwilizasiýasy bolan Margiananyň paýtagty Goňurdepede tapylan gymmatbahaly daşlar bilen bezelen altyn şaý-sepler, şeýle hem Parfiýa patyşalygynyň paýtagty Nusaýda tapylan meşhur pil dişinden ýasalan ritonlar bar.

Serginiň guralmagy türkmen we italiýan arheologlarynyň 30 ýyldan gowrak dowam edýän hyzmatdaşlygynyň netijesinde gurnaldy.

2022