Merkezi Aziýanyň energetika pudagynyň ýolbaşçylarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň we GIZ-iň wekilleriniň gatnaşmagynda Brýusselde duşuşyk geçirildi.
Çäräniň dowamynda energiýa, söwda, gaýtadan dikeldilýän energetika we serhetara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow çykyşynda Türkmenistanyň energetika pudagynyň öňünde durýan iki möhüm wezipäni nygtady: “Ilki bilen, sebiti durnukly we howpsuz energiýa üpjünçiligi bilen doly üpjün etmeli. Ikinjiden bolsa, daşky gurşawy goramak boýunça borçnamalary ýerine ýetirip, arassa we durnukly geljegiň döredilmegine goşant goşmaly” diýip belledi.
Ilçi GIZ bilen işgärleri taýýarlamak ugry boýunça alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlygy aýratyn belledi. “Bu hyzmatdaşlygyň üsti bilen biz diňe taslamalary döretmeýäris, eýsem olary ösdürjek hünärmenleri hem taýýarlayarys” diýip, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow nygtady.
Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda arassa energiýany, innowasiýalary we sebitara baglanyşygy yzygiderli ösdürýär.





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


