Aşgabatda “Karaca Container Store”-iň GDA giňişligindäki ilkinji dükany açyldy

Aşgabatda “Karaca Container Store”-iň GDA giňişligindäki ilkinji dükany açyldy
"Karaca Container Store" dükanyň açylyş dabarasy, 2025-nji ýylyň 1-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkiýäniň meşhur “Karaca” brendiniň Türkmenistandaky resmi dilleri bolan “Haýyrly Senagat” kompaniýasy 1-nji noýabrda Aşgabat şäherinde GDA giňişligindäki ilkinji “Karaca Container Store” dükanyny açdy.

Türkiýede, Germaniýada we Beýik Britaniýada meşhurlyk gazanan bu täze söwda konsepsiýasy ilkinji gezek Türkmenistanyň paýtagtynda hem işe girizildi.

“Karaca Container Store” – öý we hojalyk harytlaryny satmakda täze we döwrebap konsepsiýany hödürleýär. Bu ýerde adaty şourumlardaky ýaly uly gurnamalar ýa-da göz gamaşdyryjy, köp ýer tutýan bezegler ýok. Ähli harytlar giň giňişlikde açyk görnüşde tekjelerde ýerleşdirilendir. Bu bolsa müşderilere islän harytlaryny çalt tapmaga we saýlamaga mümkinçilik berýär.

Täze söwda formaty lomaý we bölek satuwyň artykmaçlyklaryny özünde jemleýär. Esasy maksat — müşderilere harytlary amatly bahadan, aňsat we elýeterli ýagdaýda satyn almak mümkinçiligini bermekdir.

 “Karaca Container Store” diňe bir dükan däl, bu — täze söwda filosofiýasydyr. Biz müşderilere amatly, elýeterli we rahat şertleri hödürlemäge çalyşýarys. Her bir müşderi özüniň iň gowusyna mynasypdygyny duýmaly” diýip, kompaniýanyň wekili belleýär.

Dükanda “Karaca” brendiniň kolleksiýalary bilen birlikde dünýäniň 45-den gowrak meşhur brendleriniň harytlary — gap-gaçlar, aşhana esbaplary, tekstil we öý bezegi, şeýle hem ownuk hojalyk tehnikalary bar. Şeýlelik bilen, “Karaca Container Store” häzirki zaman söwdasynyň täze we amatly merkezi hökmünde müşderilere hyzmat edýär.

Dükanyň salgysy: G. Kulyýew köçesi, “Haýyrly Senagat” binasy

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 71 800-103
+993 71 800-104
+993 12 753-757

Web sahypasy: karaca.com.tm

 

2022