Brýusselde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Brýusselde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi
Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň otuz ýyllygy mynasybetli kabul edişlik çäresi, 2025-nji ýylyň 23-nji noýabry, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Belgiýa Patyşalygyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy Brýusselde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan kabul edişlik çäresini geçirdi. Bu barada ýekşenbe güni Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Çärä ÝB institutlarynyň, Belgiýa hökümetiniň, halkara guramalaryň we diplomatik toparyň wekilleri gatnaşdy.

Gutlag sözi bilen Türkmenistanyň ilçisi Sapar Palwanow çykyş edip, Türkmenistan Bitaraplyk syýasatynyň esasynda durýandygyny, BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasy bilen ykrar edilendigini we Döwlet Konstitusiýasynda doly berkidilendigini belledi. Türkmen Ilçisiniň sözlerine görä, ýurduň bitaraplygy - dialogy ösdürmäge we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilendir işlere we munuň özi TAPI we TAP ýaly sebit taslamalarynyň çäginde hem görmek bolýar.

Çäräniň dowamynda Belgiýanyň «Miss Belgium» bäsleşiginiň finalçylarynyň gatnaşmagy aýratyn üns çekdi. Olar milli türkmen egin-eşiklerinde çykyş etdiler. Bäsleşige gatnaşanlar hormat we hyzmatdaşlyk gymmatlyklaryny belläp, türkmen medeniýetini görkezmegiň özleri üçin uly mertebedigini nygtadylar.

Brýusselde geçirelen bu çäre Türkmenistanyň Btaraplygynyň ynanyşmak we halkara hyzmatdaşlygy berkitmek ugrundaky möhüm guralydygyny aýratyn görkezdi.

2022