Aşgabat şäherinde 5-nji dekabrda Ispaniýanyň meşhur “Mango” geýim brendiniň ilkinji resmi dükany açyldy. Söwda nokady “Arkaç” söwda-dynç alyş merkeziniň birinji gatynda ýerleşýär.
“Mango” - häzirki zaman geýimlerine ýöriteleşen, otuz ýyldan gowrak taryhy bolan ispan kompaniýasydyr. Brend 1984-nji ýylda Barselona şäherinde iki dogan Isak we Nahman Andikler tarapyndan esaslandyryldy.
Kompaniýa minimalistik şekiller, Ýewropa estetiki we biri-birine aňsat utgaşýan umumy görnüşdäki geýimler bilen tanalýar. Brendiň iş filosofiýasy gündelik durmuş üçin amatly, wagta uýgunlaşýan, öz ähmiýetini ýitirmeýän funksional stilleri döretmäge gönükdirilendir.
Täze dükanda müşderilere “Mango” geýim brendiniň zenanlar we çagalar üçin niýetlenen önümler hödürlenýär. Assortimentde gündelik eşikleriň görnüşleri, möwsümleýin kolleksiýalar hem-de dürli görnüşli aksesuarlar bar. Myhmanlar brendiň dünýä boýunça dükanylarynda hödürlenýän häzirki zaman modelleri bilen tanyşyp bilerler.
Aşgabatdaky dükanyň açylmagy bilen “Mango” kompaniýasynyň 113 döwletdäki umumy satuw nokatlarynyň sany 2164-e ýetdi.
Habarlaşmak üçin:
Salgysy: “Arkaç” SDAM, 1-nji gat
Telefon: +993 71 06 42 55














