“Ashgabat Fashion Show”: türkmen dizaýnerleri milli däpleri moda bilen utgaşdyrdylar

“Ashgabat Fashion Show”: türkmen dizaýnerleri milli däpleri moda bilen utgaşdyrdylar
“Ashgabat Fashion Show”, 2025-nji ýylyň 6-njy dekabry, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan “Ashgabat Fashion Show” atly moda görkezilişi geçirildi. Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

Türkmen dizaýneri we butikleriniň wekilleri çagalar üçin niýetlenen kolleksiýalaryny, milli nagyşly lybaslaryny hem-de döwrebap görnüşde taýýarlanan modellerini tomaşaçylara hödürlediler.

Tomaşaçylar nusgawy nagyşlaryň häzirki zaman biçüwleriň ussatlyk bilen utgaşdyrylyşyny hem-de olaryň milli kümüş şaý-sepler bilen bezelen görnüşlerini synladylar.

2023-nji ýylda Türkmenistan “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna resmi taýdan kabul edildi.

 

2022