Türkmenistana “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabara Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkezinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Çäräniň çäginde alabaýlaryň taryhy we milli gymmatlyklaryna bagyşlanan sergi görkezildi. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň we Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan döredilen kitaplary, alabaýlaryň taryhyna degişli maglumatlary, haly önümleri, amaly-haşam sungatynyň eserleri we fotosuratlarda çeper beýan edýän döredijilik işleri hem görkezildi.
Şanly waka mynasybetli açyk manežde ýurduň şöhrat gazanan alabaýlarynyň hem-de “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” halkara bäsleşiginiň ýeňijileriniň görkezme çykyşlary geçirildi.
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna degişli däpler, sungat ussatlygy we däp-dessurlar boýunça möhüm gymmatlyk hökmünde ykrar edilýär.









30738-90x604.jpg)

30734-90x604.jpeg)


