“Nurly meýdan” daýhan hojalyk jemgyýetiniň şenbe güni Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen täze döwrebap ýyladyşhanasynyň dabaraly açylyşy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy bolan “Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň buýurmasy esasynda gurlan ýyladyşhananyň açylyş dabarasyna Balkan welaýat we Bereket etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, hormatly ýaşulular, mährem eneler hem-de ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda ýyladyşhananyň gurluşygynda tapawutly zähmet çeken öňdebaryjy gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýyladyşhananyň tutýan meýdany 10 gektara barabardyr we onuň daş-töweregi doly derejede abadanlaşdyrylan desga tehniki-kömekçi binalar bilen doly üpjün edilendir.
Döwrebap ýyladyşhanada Niderlandiýanyň, Türkiýäniň, Gresiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň we beýleki ýurtlaryň önüm öndürijileriniň ösen tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy tehnikalary ornaşdyryldy. Ýyladyşhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2 müň tonna pomidor öndürmäge niýetlenendir. Häzirki wagtda bu ýerde Ýewropanyň öňdebaryjy döwletlerinden getirilen pomidoryň saýlama tohumlary ekilip, ilkinji hasyl alnyp başlandy.
Şeýle hem 2025-nji ýylyň 30-njy oktýabyrynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesinde häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän kömelek ýyladyşhanasy açyldy.














