Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde “Sanly Sowat” bilim merkeziniň ikinji şahamçasy öz işine başlady. Bu bilim merkezi çagalar, ýetginjekler we ulular üçin häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän hem-de işjeň ösýän bilim giňişligi hökmünde tanalýar.
Merkeziň täze şahamçasy Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrundaky “ÄLEM” binasynda ýerleşýär. Bilim merkeziniň ikinji şahamçasy bilim programmalarynyň elýeterliligini artdyrmaga we okuwçylar üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Bilim merkezinde aşakdaky ugurlar boýunça okuwlar alnyp barylýar:
• “KIBERone” halkara IT mekdebiniň franşizasy esasynda programmirleme;
• iňlis dili (çagalar we ulular üçin);
• hytaý dili;
• çagalar üçin rus dili, matematika, çalt okamak, kalligrafiýa;
• surat çekmek we çeperçilik ösüşi.
Okuw merkeziniň sapaklary amaly başarnyklary, ulgamlaýyn pikirlenmegi hem-de ylym-bilime bolan höwesi ösdürmäge gönükdirilip, okuw programmalarynyň mazmuny okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna we taýýarlyk derejesine laýyklykda düzülendir.
Häzirki wagtda ähli okuw ugurlary boýunça toparlara kabul edişlik alnyp barylýar.
Goşmaça maglumat almak we okuw sapaklaryna ýazylmak üçin:
Telefon belgi: +993 62 20-64-19














