Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy 2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy habar berdi.
Çäre Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny, onuň halkara başlangyçlaryny, ýurduň halkara dialogyny, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşýan goşandyny, köptaraplaýyn diplomatiýanyň, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ösdürilmegini giňden ýaýbaňlandyrmak boýunça Ilçihananyň alyp barýan işleriniň çäklerinde geçirildi.
Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Ataýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu kitabynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esaslaryny, hemişelik bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmegini we häzirki döwrüň ählumumy kynçylykly şertlerinde üstünlikli durmuşa geçirilmegini çuňňur syýasy-pelsepewi nukdaýnazardan açyp görkezýän gymmatly eserdigini nygtady.
Çäräniň dowamynda Ilçihananyň diplomatlary hem çykyş edip, kitapda beýan edilen esasy düşünjeleri, onuň Türkmenistanyň häzirki ösüş ýolunyň ähmiýetini, şeýle-de ýaşlaryň Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýlan strategik wezipeleri durmuşa geçirmekdäki roluny giňden beýan etdiler.
Çäräniň dowamynda dutarda milli sazlaryň ýerine ýetirilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna, Bitaraplygyna we gazanan üstünliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy.
Mundan başga-da, şol gün Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda türkmen ýaşlarynyň, talyplarynyň we diaspora wekilleriniň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň şygary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”, şeýle hem şu ýylda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň dabaraly çärelerine badalga berilmegi mynasybetli çäre geçirildi.














