Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy metbugat brifingini geçirdi

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy metbugat brifingini geçirdi
"Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" atly şygaryna bagyşlanan brifing, 2026-njy ýylyň 17-nji fewraly, Gruziýa

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynda 2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin 2026-njy ýylyň "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" atly şygaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy habar berdi.

Brifinge "1TV" birinji tele-ýaýlymyň, "Объектив" teleýaýlymynyň, "The Georgian Business Week" işewürlik neşiriniň, "Europe 24" media-holdinginiň, "Georgia Press" guramasynyň, "News Day Georgia" habarlar agentliginiň, "Geoecohub" onlaýn neşiriniň, "Resonans", "Многонациональная Грузия", "Свободная Грузия", "Комсомольская правда", "Vecherni Tbilisi", "Vrastan" gazetleriniň žurnalistleri we Gruziýanyň «Geocase» seljeriş merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi Döwletgeldi Seýitmämmedow öz çykyşynda, 2026-njy ýylyň şygary ösüşiň milli ugurlaryny, halkyň jebisligini we ahalteke bedewleri Türkmenistanyň ösüşe hem-de ýokary sepgitlere bolan ymtylmasynyň nyşany hökmündäki ornuny şöhlelendirýändigini belledi.
Brifingiň dowamynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň "Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly" atly kitaby bilen tanyşdyryldy. 

"The Georgian Business Week" neşiriniň baş redaktory W.Miroşniçenko Türkmenistana bagyşlanan žurnalyň nobatdaky sany bilen tanyşdyrdy. Ol bu žurnalyň okyjylar köpçüligine Türkmenistan bilen, şeýle hem iki halkyň dostlugyny we abadançylygyny berkitmäge hyzmat edýän we çalt depgin bilen ösüp barýan türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Gruziýanyň at gazanan žurnalisti, professor B.Naçkebiýa Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän dünýäde parahatçylygy berkitmäge, halklaryň arasynda dostlukly we doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýän Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini nygtady. 

2022