Türkmenistan we Gruziýa parlamentara hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşyga gol çekdiler

Türkmenistan we Gruziýa parlamentara hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşyga gol çekdiler
Türkmenistanyň Mejlisiniň we Gruziýanyň Parlamentiniň ýolbaşçylary hyzmatdaşlyk Ylalaşygyna gol çekýärler, 2026-njy ýylyň 23-nji fewraly, Tbilisi, Gruziýa (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň duşenbe güni Tbiliside Gruziýanyň parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwili bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Gruziýanyň Parlamentiniň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, taraplar bu resminamanyň parlamentara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin ygtybarly esas boljakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň yzygiderli we ulgamlaýyn esasda ösýändigini hem-de özara bähbitli ugurlaryň giň gerimini öz içine alýandygyny bellediler.

Söhbetdeşler şeýle hem kanunçylyk başlangyçlaryny we bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmäge, tejribe alyşmaga we degişli komitetleriň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge, yzygiderli we netijeli dialog üçin giň şertleri döretmäge aýratyn üns berildi.

Taraplar duşuşygyň ahyrynda Halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldamak tejribesini mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022