Türkmen dizaýneri Göwher Pirkuliýewa Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň edara binasynda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli milli lybaslaryň toplumy bilen tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy çarşenbe güni habar berdi.
ÝUNESKO-nyň edara binasynda geçirilen görkezilişe Azerbaýjanyň we Täjigistanyň dizaýnerleri hem gatnaşyp, olar öz ýurtlarynyň milli egin-eşiklerini görkezdiler we medeni mirasyň köpdürlüligini nygtadylar.
Çäre Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Türkiýäniň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary tarapyndan bilelikde guraldy.
Bu baýramçylyk agza döwletleriň wekiliýetlerini bir ýere jemläp, medeni alyş-çalyş we Nowruzy belleýän ýurtlaryň milli däplerini wagyz etmek üçin meýdança öwrüldi.
Nowruz baýramy 2009-njy ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi we bu baýramçylyk her ýyl halkara wekiliýetleriň gatnaşmagynda guramanyň edara binasynda giňden bellenilýär.













