Ukrainanyň Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynda ýekşenbe güni Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Kiýewiň Swýatoşinsk etrabynyň bilim edaralary we döredijilik gurnaklary bilen bilelikde “Ahalteke aty: çeper keşplerde gözellik, ýyndamlyk we asyllylyk” atly interaktiw programma, medeni we bilim çäresi geçirildi.
Bu medeni çäre türkmen halkynyň milli buýsanjynyň aýrylmaz nyşanlarynyň biri bolan türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy habar berdi.
Çäräniň barşynda türkmen ýaşlary milli saz gurallary bolan dutarda we gyjakda saz ýerine ýetirdiler. Şeýle hem bu ýerde mowzuklaýyn wideolar görkezildi we ahalteke atlarynyň suratlarynyň sergisi geçirildi.
Şeýle-de çärä gatnaşyjylara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň behişdi bedewlere bagyşlanan “Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Ganatly bedewler”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eserleriniň ukrain dilindäki neşirleri hödürlendi.
Magtymguly kitaphanasynyň direktory Ýuliýa Lopata gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, medeniýetara gepleşikleri berkitmek we ýaş nesli dünýä medeni mirasyna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek üçin şeýle çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigini belledi.
Mundan başga-da, çäräniň dowamynda “Ahalteke atlarynyň syrlary” atly interaktiw sorag-jogap, at çekmek boýunça ussatlyk sapagy geçirildi.













