Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda “Agro Pack Turkmenistan — 2026” atly halkara sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Agro Pack Turkmenistan — 2026” atly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Türkmenistanyň Prezidenti bu halkara serginiň oba hojalygynda, azyk senagatynda we gaýtadan işleýän pudaklarda öňdebaryjy ylmy başlangyçlar, senagat işläp taýýarlamalary, täzeçil usullar babatda netijeli çözgütler bilen ýakyndan tanyşmak hem-de tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilik bolup hyzmat etjekdigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
““Agro Pack Turkmenistan — 2026” atly halkara serginiň hem bu ugurdaky başlangyçlary, öňde durýan möhüm wezipeleri amala aşyrmakda dünýä ýurtlary bilen öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda netijeli çäre bolup hyzmat etjekdigine hem-de gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň ösdürilmegine itergi berjekdigine berk ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany nygtady.
Bu iri çäre oba hojalygynda we azyk senagatynda gazanylan öňdebaryjy tejribeleri hem-de innowasion çözgütleri bir ýere jemleýär.
Sergide ýerli we daşary ýurt kompaniýalary öz önümlerini, häzirki zaman enjamlaryny we hyzmatlaryny giňden tanyşdyrýarlar. Azyk önümçiligi, gaplama tehnologiýalary, logistika we degişli ugurlarda täze mümkinçilikler görkezilýär.
“Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi sebitde oba hojalygy we azyk senagaty pudaklary üçin iň iri meýdançalaryň biri bolup, pudagy ösdürmekde, öndürijiligi ýokarlandyrmakda we eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm orun eýelär.
Bu halkara serginiň milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň ösdürilmegine goşant goşup, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna we netijeli hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagyna itergi berer diýlip garaşylýar.
“Agro Pack Turkmenistan — 2026” atly halkara sergi 14-nji maýa çenli dowam eder.













