Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2026-njy ýylyň 13-nji maýy, Kazan, Tatarystan (Surat: Rustam Minnihanowyň resmi metbugat gullugy)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazana amala aşyrýan saparynyň çäklerinde çarşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow ikiçäk duşuşyk geçirdi.

Rustam Minnihanow çakylygy kabul edendigi üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi we köp ýyllaryň dowamynda durnukly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistany we Tatarystany çuňňur taryhy kökleriň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Söhbetdeşler dürli pudaklarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň netijelerine aýratyn üns berip, gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar.

Ikiçäk duşuşyk tamamlanandan soňra, iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda resmi duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günler geçirilýän “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026” XVII halkara ykdysady forumynyň Tatarystanyň barha artýan halkara abraýyna şaýatlyk edýändigini aýtdy hem-de Kazanyň şu ýylda “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Rustam Minnihanowy we Tatarystanyň halkyny tüýs ýürekden gutlap, bu forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurduň wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem sanlylaşdyrmak, ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna aýratyn üns berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň IT merkezi hökmünde Tatarystanyň tejribesine Türkmenistanda uly gyzyklanma bildirilýändigini we tehnoparklar, ykdysadyýete sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС