Türkmenistanyň “Miras” modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türkmenistanyň “Miras” modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi
“Miras” modalar öýi “Modest Fashion Day” moda görkezilişinde, 2026-njy ýylyň 13-nji maýy, Kazan, Tatarystan (Surat: "Tatar-Inform")

Türkmenistanyň “Miras” modalar öýi çarşenbe güni Kazan şäherinde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly XVII halkara ykdysady forumyň çäklerinde geçirilen “Modest Fashion Day” moda görkezilişinde öz lybaslar toplumyny hödürledi.

“TASS” agentliginiň habar bermegine görä, moda görkezilişine Russiýadan, GDA ýurtlaryndan, Ýakyn Gündogardan we Günorta-Gündogar Aziýadan dizaýnerler gatnaşdy. Şeýle hem çärede Marokkodan, Malaýziýadan, Indoneziýadan, Özbegistandan we Pakistandan gelen modelýerler öz lybaslar toplumyny görkezdiler.

Tatarystanyň Maýa goýumlaryny ösdürmek agentliginiň ýolbaşçysy Taliýa Minullina “Modest Fashion” ugrunyň ýokary mümkinçiliklere eýedigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, şeýle görkezilişiň “KazanForum” çäresiniň çäklerinde geçirilmegi dizaýnerler üçin häzirki zaman meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işewürlik meýdançasyny döredýär.

“Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly XVII halkara ykdysady forumy 12–17-nji maý aralygynda Kazanda geçirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022